Şu günler Lebabyň Türkmenabat şäherinde we onuň eteginde hatardan çykan köçeleriň köpelendigini synlasa bolýar. Sürüjiler soňky ýyllarda köçelerde abatlaýyş işleriniň tas geçirilmeýändigini belläp, ýollaryň häzirki ýagdaýynyň hem özleri, hem-de pyýadalar üçin howp döredýändigini aýdýarlar.