Lebapda ýerleşýän bir karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigi baradaky habary Azatlygyň ýene bir habarçysy tassyklady. Bu habarlaryň fonunda, ýurtda tassyklanan COVID-19 hadysasy barada habar bermeýän türkmen häkimiýetleri sebitiň ilatyndan maska geýmek talabyny has-da güýçlendirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki habarçysy habar berýär.
"Moskwadan gelen raýatlar 3-nji hepde, ýene bir hepde karantinde saklanmaly edildi.