Öňki FBI agentiniň Eýran türmesinde ölendigi baradaky habarlardan soň, ABŞ jogap talap edýär
Birleşen Ştatlary Eýran türmesinde ölendir öýdülýän pensiýadaky FBI agenti babatynda Tähranyň “doly hasap bermegini” talap edýär.
Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O’Braýn: “Häzirki wagtda derňew işleri dowam edýän mahaly, biz Bob Lewinson birnäçe wagt mundan ozal ölendir diýip pikir edýäris” diýip, 13 ýyl mundan ozal 58 ýaşynda ýitirim bolan amerikaly barada 25-nji martda ýaýradan beýanatynda aýtdy.
“Bu ýagdaý bilen bagly Birleşen Ştatlaryň bolan zatlary doly kabul etmeginden ozal,...