Balkanda 'uruş weteranlaryna alynjak sowgatlar üçin' býujetçilerden pul ýygnalýar
Türkmenistan 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlary, şol döwürde tylda zähmet çeken adamlary býujet işgärleriniň hasabyna pul we beýleki sowgatlar bilen sylaglamagy meýilleşdirýär diýip, balkanly harbylaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesi aýdýar.
Olar anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna beren maglumatynda bu maksatlar üçin harbylaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesinden pul ýygnalandygyny gürrüň berdi.
“Geçen hepdäniň başynda welaýatdaky harby we polisiýa edaralarynyň...