Jerime we para basyşy awtoulag sürüjilerini 'darykdyrýar, köçede welosipedçi 'köpelýär'
Awtoulag sürüjileriniň düzgün bozmalary üçin salynýan jerimeleriň 1-nji maýdan ýokarlanjakdygy belli bolanyndan soň, Balkanda ýol gözegçiligi polisiýasynyň alýan paralarynyň mukdary ýokarlandy, adamlar ‘gazananyň bezeneniňe ýetmesin’ diýilýän döwür boldy diýýärler’ diýip, ýerli çeşme habar berýär.
Şu aralykda awtoulaglarda goýulýan derman gutularynyň, ýangyn söndüriji enjamlaryň bahalary hem iki esse gymmatlady diýip, Azatlygyň habarçysy 29-njy aprelde habar berdi.
Tizlik düzgünini we beýleki düzgünleri bozanlardan soralýan paranyň mukdary...