Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara müňlerçe türkmenistanlynyň hereketini çäklendirdi
Türkmenistanda geçen hepdäniň ahyrynda Bedew baýramçylygy dabara bilen bellenip, Aşgabatda geçirilen çärä býujet işgärleriniň, ýaşulularyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi mejbury gatnaşdyryldy.
Bu dabara zerarly welaýatlardan Aşgabada gelýän we paýtagtdan ýurduň sebitlerinde gidýän türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň hereket azatlygy hem wagtlaýyn çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji aprelde paýtagtdan maglumat berdi.
Adatça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde...