Tramp Tähran gürleşmek islese, "bize jaň edip biler” diýdi, Eýranyň Arakçysy Orsýete bardy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de Tähran gürleşmek islese, “bize jaň edip biler” diýdi, ýöne ol bu ýurduň ýadro ýaragyny döretmek planlaryndan ýüz öwürmelidigini, ýogsam bu ýerde "duşuşmak üçin hiç bir sebäbiň ýokdugyny" hem sözüne goşdy.
Şu aralykda, Eýranyň daşary işler ministri we esasy gepleşikçi Abbas Arakçi Sankt-Peterburga sapara geldi. ABŞ bilen Eýranyň arasynda Pakistanyň araçylygynda geçirilmeli parahatçylyk gepleşikleriniň geljegi nämälim bolansoň, onuň 27-nji aprelde esasy ýaran...