Maryda geçirilen ýygnaklarda okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi mälim edildi
Mary welaýatynyň häkimiýetleri ýurduň saglyk we bilim pudagynyň, şeýle-de polisiýa we prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda ýörite ýygnaklary geçirip, olarda okuwçy gyzlaryň arasynda nikasyz jynsy gatnaşykda bolup, göwreli bolýanlaryň köpelendigini aýtdylar.
Bu barada ýygnaklara gatnaşan bilim we saglyk işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu aralykda, mugallymlaryň ençemesi prokuraturanyň özlerini bu tendensiýanyň jogapkäri hökmünde aýyplaýandygyny hem aýtdy.