Çagasy bolmadyk gelinleriň gonamçylyklara guramaçylykly zyýaratlary ýaýbaňlanýar
Türkmenistanda çagasy bolmaýan gelinleriň gonamçylyklara zyýarat etmeginiň meşhurlygy artýar diýip Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, şeýle zyýaratlar, isleg köp bolansoň, guramaçylykly geçirilýär. Gonamçylyklarda hem mundan gazanç edýän köpleýär.
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda çagasy bolmaýan gelin-gyzlar jem bolup mikroawtobusy kireýine tutup gonamçylyklara zyýarat edýärler. Ýerli ýaşaýjylar birnäçe ýyl bäri durmuş guran ýaş çatynjalaryň arasynda çagasy bolmaýanlaryň köpdügini gürrüň berdiler.