Tramp ABŞ-nyň Eýrany ýumurmaga “entek girişmändigini” aýdýar, režimi “çalt” hereket etmäge çagyrýar
Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň harbylarynyň bir aý wagt bäri dowam edýän weýrançylykly howa zarbalaryndan soň Eýranda galan zatlary ýok etmäge “entek girişmändigini” aýtdy. Ol Tährandaky režime beren duýduryşynda elektrik stansiýalaryna we has köp köprülere zarba urmak bilen hem haýbat atdy.
Tramp 2-nji aprelde giçlik Truth Social sosial ulgamynda şeýle ýazdy: “Biziň Harbylarymyz, dünýäniň islendik ýerindäkiden has beýik we iň güýçli (uly tapawut bilen!), Eýranda galan zatlary ýok etmäge entek girişmedi hem.