Roýters: Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýaşur, aýak we agyz keseli ýaýraýar
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýaşur, aýak we agyz keseliniň ýaýraýandygy ýüze çykaryldy, ýurtda bar bolan waksina bu wirusa garşy ulanylanda netije bermeýär diýip, “Roýters” agentligi Hytaýyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp habar berýär.
Habar gullugynyň maglumatyna görä, Hytaý häkimiýetleri Gansu welaýatynda we Altaý daglary bilen serhetleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda iki sürüde ýokanç lesel ýokaşan haýwanlary ýok edýär. 6000-den gowrak iri şahly malyň 219-synda aýak we agyz keseli ýüze çykaryldy.