Baýramalyda köpgatly jaýlaryň çüýrän turbalary deşilýär, ýaşaýjylar özbaşdak çäre görýärler
Baýramaly şäheriniň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde agyz suw we ýyladyş üçin suw turbalary çüräp deşilýär. Altyn-Asyr we Magtymguly köçelerinde ýerleşýän birnäçe jaýyň ýaşaýjylary problemany çözmek ugrunda tagalla edýärler.
"Biziň köpgatly köne jaýlarymyzyň näçinji ýylda gurlandygyny kim bilýär. Emma şondan çekilen demir we çoýun turbalar häzire çenli çalşyrylmady. Indi turbalar çüýräp deşilip, ýerzeminleri suw basýar. Öý müdirligine habar berýäris, dessine çäre görmesek suw köpgatly jaýyň girelgesinden daşyna akyp başlar" diýip...