Prezidentiň 'çykanynyň' Dubaýdan awtoulag getirip bermek wadasyndan aldanan müşderiler arzyny eşitdirmek isleýärler
Türkmenistanda ençeme adam daşary ýurtdan awtoulag getirip bermegi wada beren kärhanadan aldanandygyny aýdýar. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türkmenistanlylaryň biri şertnamada görkezilen 3 aýa derek 1,5 ýyl garaşandygyny, emma özüne ne ulagyň, ne-de pulunyň yzyna gaýtarylyp berlendigini gürrüň berdi we meselesi çözülip, günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini isleýändigini aýtdy.
"Biz daşary ýurtdan awtoulag sargamak üçin, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofise bardyk we şertnama baglasyp sargyt etdik.