Häkimiýetler býujetçilere “asmanymyz arassa, döwlet işinden çykmaň” diýýär
Ahal welaýatynyň ençeme etrabynda ýerli häkimiýetler döwlet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olaryň iş ýerlerini meýletin taşlamazlygy boýunça wagyz, töwella edip başladylar.
Bu soňky döwür raýatlaryň alýan aýlyklarynyň gün-güzeran aýlamaga ýetmeýändigini aýdyp, býujet edaralaryndan, şol sanda harby pudagyndan hem öz islegleri bilen gidýändigi baradaky ýagdaýlaryň fonunda bolup geçýär.
Ahally çeşmämiz golaýda geçirilen şeýle ýygnaklaryň birine mejbury gatnaşdyrylandygyny gürrüň berip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini...