Ene-atalar çagalarynyň mekdepde tapan 'bit derdine' derman gözleýär
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Lebap sebitindäki habarçymyz Çärjew etrabynyň birnäçe orta mekdebinde bit aladasynyň güýçlenendigini, ene-atalaryň bite garşy göreşde serişde tapman kösenýändigini habar berýär. Okuwçylaryň ene-atalary ilki iki-ýeke çaganyň saçynda tapylýan bitleriň beýleki çagalara hem geçip, sebitdäki bit ýörişiniň has giňemeginden alada galýarlar we degişli gulluklaryň geleňsizliginden nägile bolýarlar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen...