Türkmen wise-premýeri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefonda gürleşdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda taraplar birek-biregi Nowruz baýramy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de, Abbas Arakçiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Eýranyň çagalaryna iberen ynsanperwerlik...