Türkmen wise-premýeri Aşgabatdaky ABŞ, Hytaý ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda aýry-aýrylykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy diýip, daşary syýasat edarasynyň web sahypasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...