“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
“Türkmengaz” döwlet konsernine Hytaýyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti SerdaR Berdimuhamedowyň gol çeken karary 20-nji martda çap edildi.
Resminama laýyklykda, «Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny...