Raýatlar "Mekdepdäki döwlet dilegçiliginden kime arz etmeli?" diýip soraýarlar
Lebap welaýatyndaky habarçymyz okuwçylardan Nowruz baýramyna bagyşlanan çäreler üçin mejbury ýagdaýda pul serişdeleriniň ýygnalýandygyny habar berýär. Synçylar Türkmenistanda ilatdan syýasy-ykdysady, medeni çäreler üçin serişde ýygnamagyň, maşgala býujetlerine goşmaça agram salmagyň täzelik däldigini, ýöne soňky bir ýylda, durmuşyň has kynlaşmagy bilen, bu çykdajylaryň adamlara barha kän ‘dil açdyrýandygyny’ belleýärler.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly pedagog ‘polisiýa dilegçilik edýän çagalary...