Pekin Aşgabady ‘gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge’ çagyrýar, bilermen Hytaýa ‘doly garaşly galmak’ howpuny duýdurýar
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde, Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.
Bilermenler Eýrandaky uruş we Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň arasynda, Aşgabadyň Hytaýyň basyşy astynda energiýa serişdelerini akdyrmak boýunça diňe Pekine garaşly bolup galmak howpy barada duýdurýarlar. Şeýle-de Türkmenistanyň Günbatar ugry boýunça “gysga wagtyň...