Garyp düşen hojalyklar jaýlaryny sarygarynjalardan gorap bilmän kösenýär
Ahal welaýatyndaky habarçymyz Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň sarygarynja ‘belasyndan dat edýändiklerini’ habar berýär. Azatlyk ýurtda uly alada döredýän, oba adamlarynyň iň esasy we zerur emlägi bolan jaýlaryna wehim salýan sarygarynja meselesine geçen ýylyň aprelinde, 2024-nji ýylyň iýunynda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda hem ünsi çekipdi.
Synçylar soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda garyp düşen hojalyklaryň sarygarynja bilen göreşde ýeterlik serişdesiz we ýalňyz galandyklaryny aýdýarlar.