Lebapda balkanly esgeriň tarpa-taýyn ölmegi bilen bagly derňew geçirilýär, onuň hammamda asylgy ýagdaýda tapylandygy aýdylýar
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki harby bölümde çagyryş boýunça hökmany harby gulluk borjuny ýerine ýetiren balkanly esgeriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly derňew geçirilip başlandy.
Azatlyk Radiosynyň harby çeşmeleri merhum esgeriň jesediniň hammamda asylgy ýagdaýda tapylandygyny, ýöne onuň öz janyna kast edendiginiň ýa-da etmändiginiň heniz hem anyk belli däldigini 16-njy martda sebitden habar berdiler.
“Merhum esger mart aýynyň 10-da Türkmenabadyň harby bölüminden Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki öýüne eltilip...