Eýranyň täze ýokary lideri ilkinji beýanatyny etdi
Eýranyň täze ýokary lideri Mojtaba Hameneýi bu wezipä saýlanaly bäri ilkinji beýanaty bilen çykyş etdi. Onuň beýanaty döwlet telewideniýesinde okaldy.
Hameneýi çykyşynda dünýäde nebit üpjünçiliginiň bäşden bir böleginiň geçýän ýoly bolan Hormuz bogazynyň ýapyk galmalydygyny, oňa "basyş guraly" hökmünde seredilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de, ol Tähranyň öz goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklarda bolmaga çalyşýandygyny nygtady. Şol bir wagtda, ol eýran güýçleriniň diňe bu ýurtlarda ýerleşýän amerikan harby bazalaryna hüjüm edýändigini öňe sürdi.