ABŞ-nyň we Russiýanyň wekilleri Floridada duşuşdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner, Ak Tamyň geňeşçisi Joş Gruenbaum bilen bilelikde, Floridada Russiýanyň prezidentiniň wekili Kirill Dmitriýew bilen duşuşdylar.
Dmitriýew duşuşykda "rus-amerikan gatnaşyklarynyň dikeldilmegine ýardam berip biljek" taslamalaryň we "global energiýa bazarlaryndaky krizis ýagdaýynyň" ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.
“Häzirki wagtda köp ýurtlar, hususan-da Birleşen Ştatlar, Russiýanyň nebit-gazynyň global ykdysady durnuklylygy üpjün etmekdäki esasy...