Ekinini sowuk uran daýhanlara zyýanyň 'Alladan gelendigi' aýdyldy
Türkmenistanda howanyň birden sowap başlamagy bu ýyl hem ýurduň günbatar, demirgazyk sebitlerinde daýhanlaryň çeken zähmetleriniň garaşylýan netijeleri bermejekdigini, belki-de, oba adamlarynyň agyr zyýana galjakdygyny yşarat edýär diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär. Bu maglumat “Meteožurnal” neşiriniň 9-njy martda öňde duran sowuk howanyň Türkmenistanyň oba hojalygyna agyr zarba urmak ähtimallygy barada çap eden habarynyň yz ýanyndan geldi.
Azatlygyň habarçysy şu gün, 10-njy mart güni irden söhbetdeş...