Býujetçilerden prezidentiň sowgadynyň ýany bilen berlen "sowgadyň" puluny işleýän edarasyna tabşyrmak talap edilýär
Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärlere prezidentiň adyndan berlen 8-nji mart pul sowgady bilen bir hatarda, edara ýolbaşçysynyň adyndan hem "sowgat" gowşuryldy.
Ýöne işgärleriň şatlygy uzaga çekmedi we olardan edara ýolbaşçysynyň adyndan gowşurylan "sowgadyň" puluny nagt görnüşinde işleýän edarasyna tabşyrmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Geçen hepdäniň ahyrynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine...