Türkmen prezidenti ABŞ-daky baýry diplomatlaryny täzeledi
Türkmenistanyň ABŞ-daky we Russiýadaky diplomatik missiýalarynda ýolbaşçy çalşygy geçirildi. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisiniň we BMG-däki hemişelik wekiliniň wezipelerinden çekilendigini döwlet mediasy 6-njy martda habar berdi.
25 ýyllap ABŞ-da Türkmenistanyň ilçisi bolan Meret Orazowyň we 30 ýyldan gowrak Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili wezipesini eýelän Aksoltan Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli wezipelerinden boşadylýandygy aýdyldy. TDH agentliginde 6-njy martda çap edilen resmi habarda...