Göçüp gelýänleriň köpelmegi, gurakçylyk paýtagtdaky suw meselesini çylşyrymlaşdyrýar
Ilat sanynyň dowamly artmagy, infrastruktura meseleleriniň töwerekleýin we düýpli çözülmezligi netijesinde, türkmen paýtagtynda we onuň töwereginde agyz suwunyň ýetmezçiligi gitdigiçe ýitileşýär hem-de köp alada döredýär diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär.
Azatlygyň habarçylary paýtagtda we ýurduň sebitlerinde saklanyp galýan suw ýetmezçiligi barada yzygiderli habar berýärler, emma türkmen resmileri hünärmenleriň we ýaşaýjylaryň garaşsyz neşir arkaly bildirýän aladalaryna, şol sanda Aşgabady megapolise...