Türkmenistanda köp çagaly enelere "Ene mähri" nyşanlary, täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy
7-nji martda türkmen paýtagtynda we sebitlerde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, sekiz çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, sowgatlary, täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda köp çagaly zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär, olaryň döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şert döredilýär.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlarynda näçe enäniň hormatly ada mynasyp bolandygy...