Riýaddaky ABŞ ilçihanasyna dron hüjümi edildi
Saud Arabystanynyň Riýad şäherindäki ABŞ ilçihanasyna 3-nji mart gijesi iki dron hüjüm etdi, olary Eýrana degişli diýip çak edilýär. Saud Arabystanynyň Goranmak ministrligi bu habarlary tassyklady. Ministrligiň sosial media platformasy X-de aýtmagyna görä, hüjüm "uly bolmadyk ýangyna" we "kiçiräk maddy zyýana" sebäp boldy. Binanyň hüjüm wagtynda boş, ýagny adamsyz bolandygy habar berilýär.
Şu gün ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy başlan operasiýasynyň dördünji güni. Eýran, öz gezeginde, ABŞ-nyň bazalaryny ýerleşdirýän goňşy ýurtlara...