Türkmenistanlylar Eýrandaky wakalara umytly we aladaly garaýarlar
Azatlygyň habarçylary ilatyň dürli gatlagyna degişli adamlar bilen gürleşip, türkmenistanlylaryň Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň 28-nji fewralda goňşy Eýrana uran howa zarbalary netijesinde dörän ýagdaýlar baradaky pikir-garaýyşlaryny öwrenmäge çalyşdy.
Döwlet eýeçiliginde, berk döwlet senzurasy astynda işleýän türkmen metbugatynyň adatça bu hili ýagdaýlar barada berk dymmagyna garamazdan, goňşy ýurduň ýokary syýasy lideriniň öldürilmeginden habarsyz galan adam ýok diýerlik, ýöne ilat arasyndaky pikirler dürli-dürli...