Eýranyň döwlet metbugaty, ABŞ-Ysraýyl howa zarbalaryndan soň, Hameneýiň ölendigini tassyklady
Eýranyň döwlet metbugaty 1-nji martda irden Ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýiň, bir gün öň ABŞ-nyň we Ysraýylyň amala aşyran howa zarbalaryndan soň öldürilendigini tassyklady. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öz sosial platformasynda onuň ölendigini habar bermeginden birnäçe sagat soň mälim edildi.
86 ýaşyndaky berk ugurly lideriň ölüm habary yglan edilenden soň, döwlet metbugaty ýurtda 40 günläp umumy matam yglan ediljekdigini aýtdy.
Metbugat habarlarynda Hameneýiň, ýyllaryň dowamynda...