Ene-atalar çagalar baglaryndaky ‘gödeklikden’ nägile bolýar
Lebap welaýatynyň ençeme iri sebitiniň ene-atalary çagalar baglarynda perzentlerine gödek daraşylmagyndan nägile bolup, olaryň ruhy we psihiki ýagdaýyndan alada galýarlar. Azatlygyň habarçylary bilen golaýda söhbetdeş bolan ýaşaýjylar bu baradaky arz-şikaýatlarynyň jogapsyz galýandygyny, şol bir wagtda ‘alaçsyzlykdan’ ýaş oguldyr gyzlaryny bu şertlerdäki mekdebe çenli çagalar edaralaryna ibermegini dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.
Habarçymyz gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň ençeme...