Meredow Merkezi Aziýaly kärdeşleri bilen bilelikde Beýik Britaniýada geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Beýik Britaniýa edýän saparynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen Daşary işler ministrligi bu duşuşygyň 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilendigini habar berýär.
“Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy...