MHM, 'täsirli adamlar' korrupsiýany 'täze belentliklere çykarýar'
Balkan sebitiniň etraplarynda ýeralma ekişi başlandy, irki sogan, sarymsak we ýeralma tohumlaryny satyn almak üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden pul toplanýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 25-nji fewralda habar berdi. Çeşmeler MHM-niň ýer korrupsiýasyny 'täze belentliklere' çykarýandygyny öňe sürýärler.
Onuň sözlerine görä, Bereket etrabynyň býujet edaralarynyň her bir işgäri 1 kg sarymsak tohumyn, 500 gram sogan tohumyny we 10 kg kartoşka, ýeralma tohumyny satyn alyp bermeli ýa-da şol agramdaky tohumlaryň puluny bermeli.