'Tejenkarbamidiň' hünärmenleri ‘heläkçilige getirip biljek’ korrupsiýa barada duýdurýar
Türkmenistanyň çäginde gurlan ilkinji karbamid önümçilik desgasy bolan 'Tejenkarbamid' zawodynda häzirki wagtda alnyp barylýan abatlaýyş işlerinde korrupsiýa ýüz urulýandygy, zerur täzelenmeli serişdeleriň deregine köne enjamlaryň galdyrylýandygy, galyberse-de bu işlere çekilen hünärmenlere ençeme aý bäri zähmet haklarynyň berilmeýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Bu barada Ahaldaky zawodyň biri-birinden habarsyz ençeme hünärmeni Azatlyga we habarçylaryna maglumat ýetirdi, şeýle-de mümkin kanun...