ÝÖB: Merkezi Aziýanyň ilaty 2040-njy ýyla çenli 96 milliondan geçip biler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty 2040-njy ýyla çenli 96 milliona ýetip biler we bu ýagdaý sebit infrastrukturasyna düýpli agram salar diýip, Ýewraziýa Ösüş bankynyň başlygy Nikolaý Podguzow TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.
"Biziň hasaplamalarymyza görä, 2040-njy ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 96 milliona ýetip biler. Bu ykdysadyýet üçin hereketlendiriji güýç bolmaly, ýöne, şonuň bilen bir wagtda, beýle köp ilat infrastruktura uly agram salar. Rahat ösüş energiýa netijeliliginde, döwrebap...