Täze bellenen emeldarlaryň geçirýän barlaglary býujetçileri “ýadatdy”
Türkmenistanda golaýda geçirilen köpçülikleýin ýokary derejeli kadr çalşygyndan soň, ýurduň iri sebitleriniň döwlet edara-kärhanalarynda Aşgabatdan gelen ýörite toparlar barlag geçirip başlady.
Azatlygyň çeşmeleri bularyň netijesinde sebit derejesinde hem köp pudaklaryň ýolbaşçylarynyň çalşylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, ýerli edaralarda gyssagly taýýarlyk işleri geçirilýär, býujetçilerden mejbury pul toplanjakdygy duýdurylýar.
“Prezidentiň 13-nji fewralda täzelän emeldarlary welaýatlara aýlanyp başladylar.