Eýran, içerki we daşarky basyş astynda, ABŞ bilen gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýarlanýana meňzeýär
Ýurduň içinde oppozisiýanyň artmagy we global derejede ABŞ-nyň harby hüjümi bilen bagly howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Eýranyň hökümeti öňümizdäki hepde Omanyň araçylygynda amerikan wekilleri bilen gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýar ýaly bolup görünýär.
Omanyň daşary işler ministri Badr Albusaidi 22-nji fewralda beren maglumatynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça “ylalaşygy tamamlamaga gönükdirilen goşmaça tagalla bilen”, gepleşikleriň 26-njy fewralda Ženewada täzeden başlanjakdygyny aýtdy.
Eýran...