Öňki şazada Endrýu Epşteýn işi boýunça 12 sagat sorag edildi
Britan patyşasy Karl III inisi, öňki şazada Endrýu 19-njy fewralda tussag edilip, merhum amerikan maliýeçisi Jeffri Epşteýniň işi bilen bagly derňewiň çäginde polisiýa tarapyndan 12 sagat sorag edileninden soň boşadyldy diýip, “Sky News” habar berdi. Endrýu bilen bagly derňew dowam edýär.
BBC we “The Telegraph” neşirleri Endrýuyň 19-njy fewralda, irden tussag edilendigini habar berdiler. Polisiýa resmi ýagdaýda tussag edileniň adyny aýtmady.
Epsteýn işi bilen bagly çap edilen resminamalarda ady agzalýan...