Özbegistan Gazadaky sosial infrastrukturany dikeltmek işine gatnaşar
Özbegistan Gaza zolagynda ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we hassahanalaryň gurluşygyna goşant goşmaga taýýar diýip, prezident Şawkat Mirziýoýew 19-njy fewralda, Parahatçylyk geňeşiniň Waşingtonda geçirilen birinji sammitinde aýtdy.
Özbek lideriniň sözlerine görä, respublika Parahatçylyk geňeşini döretmek başlangyjyny goldady we onuň durmuşa geçirilmeginde amaly rol oýnamagy niýet edinýär. Mirziýoýew Özbegistanyň sosial infrastrukturany dikeltmek we sebit ilaty üçin mynasyp ýaşaýyş...