Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýol ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi
Seulyň merkezi etrap kazyýeti 19-njy fewralda Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýoly, pitne we konstitusion gurluşy bozmak synanyşygynda günäli tapyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
“Roýters” agentliginiň habaryna görä, kazyýet öňki prezidenti 2024-nji ýylyň dekabrynda ýurtda harby ýagdaý girizmek synanyşygy bilen baglanyşykly çäreleri gurnamakda günäli tapdy. Aýyplaw netijesine görä, Ýun Sok-ýol, parlamente we syýasy garşydaşlaryna basyş etmek üçin, harby hem-de howpsuzlyk güýçlerini ulandy.