Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a sapary barada maglumat berilmeýär
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a edýän sapary hakynda habar berilmeýär.
Şu aralykda ol prezident Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy bilen gutlady.
Bu gutlag 17-nji fewralda döwlet eýeçiligindäki metbugatda çap edildi.
Türkmen metbugaty 16-njy fewalda öňki prezidentiň ABŞ-a sapara ugrandygyny habar berdi.