Gurbanguly Bedimuhamedow öňünden yglan edilmedik sapary bilen ABŞ gitdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ sapar edýär. Resmi habarda bu saparyň ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri diýlip atlandyrylsa-da, onuň maksady we gün tertibi agzalmady. Bu sapar ABŞ-nyň eýran režimine garşy mümkin harby çäreler bilen haýbat atyp, Eýranyň daşynda harby güýjüni artdyrýan pursadyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara başlandygyny 17-nji fewralda habar berdi. Resmi websaýtda...