Türkmen prezidenti ýene bir gezek ýolbaşçylary täzeledi, sebäbini aýtmady
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyny täzeledi.
Türkmen metbugaty general-maýor Nazar Atagaraýewiň, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadylandygyny, bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Meredowyň bellenilendigini habar berýär.
Howpsuzlyk ministrligindäki ýolbaşçy täzelenmesi hökümetiň bir gün ozal bolan giňişleýin mejlisinde geçirilen köpçülikleýin kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi.