Ykdysady kynçylyklaryň arasynda türkmenistanlylar saglygyny bejermek üçin araçylaryň üsti bilen bankdan kredit alýarlar
Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesiniň gitdigiçe peselmegi bilen ilat köpçüliginiň saglygyny bejermäge maddy mümkinçiligi bolmaýar. Bu ýagdaý adamlary öz janyny ýa-da ýakynlarynyň janyny halas etmek üçin dürli ýollary gözlemäge iterýär. Çykgynsyz ýagdaýdaky adamlaryň aldawa düşýän halatlary hem bolýar.
Rak keseli köpelip adamlar dürli ýollar bilen banklardan kredit pul almaga synanyşýarlar we lukmançylyk barlaglaryndan geçmek hem-de derman-däri satyn almak üçin mejbury ýagdaýa düşýärler diýip Azatlyk...