'Arkadagyň' Riýaddaky oýnuna ugradyljak türkmen janköýerleri saýlanýar
Türkmenistanda milli futbol komandasynyň indiki hepde Riýadda oýnajak oýnuna "janköýerleri" ugratmak üçin guramaçylykly taýýarlyk görülýär. "Arkadagyň" saud arabystanly "Al-Nassr" bilen Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK II) Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň ikinji oýny 18-nji fewralda Riýadda geçiriler.
"Aşgabatda we Balkanda telekeçilere hem-de gurply adamlara 'Arkadag'-'Al-Nassr' jogap oýuny üçin Saud Arabystanyna gitmek teklip edýär. Olar bileti öz puluna satyn almaly we ähli çykdajylary öz hasabyna ödemeli bolýar" diýip...