Diňle: Ýylda millionlarça düýp bag ekilýän Türkmenistanda baglary suwarmak býujetçileriň ‘üstüne ýüklenýär’
Ýylda millionlarça düýp agaç nahallary ekilýän Türkmenistanda häkimiýetler baglary suwarmak üçin çykdajylary býujet işgärleriniň üstüne ýükleýär diýip, edara-kärhanalaryň işgärleri aýdýar. Olar munuň sebäbini özlerinden baglary suwarmak üçin nobatdaky gezek pul ýygnalýandygy bilen düşündirýärler.