Transparency International: Türkmenistan Merkezi Aziýanyň “iň korrumpirlenen” ýurdy
10-njy fewralda Transparency International guramasy 2025-nji ýyl üçin, iň soňky Korrupsiýa indeksini (Corruption Perception Index) çap etdi. Onda Türkmenistan ýene-de iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň korrumpirlenen ýurt boldy.
Hasabatda 182 ýurt we territoriýa seljerilýär we 100 ballyk ölçegdäki derejä laýyklykda, azat hasaplanýana 100 baldan, iň parahor hasaplanýana 0-a çenli bal berilýär we sanawa ýerleşdirilýär. Muňa laýyklykda, Türkmenistan 17 bal bilen 167-nji orunda ýerleşdirildi.