Kadyrow oglunyň ýol heläkçiligine düşendigi baradaky habarlary ‘ýasama maglumat’ atlandyrdy
Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow Grozny şäherinde onuň ogly Adamyň uçran ýol-ulag heläkçiligi baradaky habarlary “bir ýerden çykan ýasama maglumat” diýip atlandyrdy. Bu barada Kadyrow respublikanyň prokurory Arsan Adaýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu baradaky wideo Kadyrowyň Telegram kanalynda çap edildi.
“Emeli aňyň kömegi bilen islendik adamy aldap bolýar. Ýurtda 128 müň ýol heläkçiligi boldy, 13 müň 9 adam heläk boldy, emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok, hiç kim hiç zat diýmeýär” diýip...